Degişli şertnamalara Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň baş müdiri Ma Jiankin we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň rektorlary gol çekdiler.
Ylalaşyklar dekabr aýynyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasary Sun Ýaonyň Aşgababa amala aşyran saparynyň çäginde gazanyldy.
Resminamalara görä, Merkez ýokarda ady agzalan üç türkmen uniwersitetine hytaý dili mugallymlarynyň hünär taýýarlygynda işjeň kömek eder. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde hytaý mugallymlaryny uniwersitetleriň isleglerine laýyklykda Türkmenistana ibermek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda 10 sany orta mekdepde hytaý dili öwredilýär, şeýle hem hytaý dili boýunça dil kurslary hereket edýär.

