ABŞ-da we Russiýada geçiriljek prezident saýlawlary, Pariždäki Tomusky Olimpiýa oýunlary we beýlekiler: şu ýyl dünýäde bolup geçjek möhüm wakalar barada gysgaça?
BRICS GURAMASYNYŇ AGZALARY ARTDY
- Braziliýadan, Russiýadan, Hindistandan, Hytaýdan we Günorta Afrikadan ybarat hökümetara BRICS topary şu ýyl bäş sany täze agzany kabul etdi. Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran, Müsür we Efiopiýa 1-nji ýanwarda BRICS-iň täze agzalary boldy.
AFRIKA MILLETLER KUBOGY GEÇIRILER
- Şirmaýy Kenar Respublikasy 13-nji ýanwar bilen 11-nji fewral aralygynda geçiriljek 34-nji Afrika Milletler Kubogyny kabul eder.
RUSSIÝADA SAÝLAWLAR
- 15-17-nji martda Russiýada prezident saýlawlary geçiriler. Saýlawlara Prezident Wladimir Putin hem garaşsyz dalaşgär hökmünde gatnaşýar. Ilkinji gezek ýurtda saýlawlar 3 gün dowam edýär we onlaýn ses bermek hem göz öňünde tutulýar.
HINDISTANDA ÄHLUMUMY SAÝLAWLAR
- Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanda hem ählumumy saýlawlar geçirilýär. Premýer-ministr Narendra Modiniň ýolbaşçylygyndaky partiýa ýeňiş gazanan halatynda, Modi 3-nji möhlete hökümet baştutanlygyna saýlanar.
ÝEWROPA PARLAMENTINIŇ TÄZE DÜZÜMI DÜZÜLER
- 6-9-njy iýun aralygynda geçiriljek saýlawlarda 720 orunly Ýewropa Parlamentiniň täze düzümini saýlar. 2020-nji ýylda Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmagyndna soňra geçiriljek ilkinji saýlaw bolar.
PARIŽDE OLIMPIÝA ALAWY ALAWLAR
- 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagtynda geçiriler. Gandbol, futbol we regbi ýaryşlary 24-nji iýulda başlar.
TRAMPMY, BAÝDEN SAÝLANAR?
- Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 2020-nji ýyldaky ýaly, noýabr aýynda ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp bilen häzirki prezident Jo Baýdeniň arasynda saýlaw geçirer diýlip garaşylýar.
AZERBAÝJANDA “COP 29” MASLAHATY GEÇIRILER
- Azerbaýjanda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty (COP29) geçirilýär. Ýokary derejedäki maslahat 11-24-nji noýabr aralygynda paýtagt Bakuda geçiriler.
