JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna 260 sany operasiýa geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň, Arkadag şäheriniň häkiminiň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde ýerine ýetiren işleri, öňde durýan wezipeler barada çykyş etmek üçin, Gaznanyň wise-Prezidenti R.Bazarowa söz berildi.

Hasabata görä, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen jemi 260 sany operasiýa geçirildi. Şol sanda, 117 sany ýürek-damar kesellerinde, 102 sany ortopediýa kesellerinde we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileri geçirildi. Mundan başga-da, 47 sany çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi. 54 sany çagalar saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi.

Şol sanda näsag çagalaryň daýanç-hereket ediş ulgamynda operasiýalary ýerine ýetirmek bilen bagly serişdeleri sarp edildi. 1 sany «Sawina» kysymly emeli dem beriş enjamy Mary welaýat çagalar hassahanasyna berildi. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň Çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary berildi. Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna mekdep-internatlary we çagalar öýleri saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Gaznanyň halkara derejesinde hem alyp barýan ynsanperwer işleri doganlyk hem dostlukly ýurtlarda uly goldaw tapýar we Gaznanyň haýyr-sahawat işi baradaky gyzyklanmalary artdyrýar. 2023-nji ýylyň dowamynda Türkiýe, Ukraina döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň iberildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň kompaniýalary «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasyna gatnaşýar

Aşgabatda GDA-nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirilýär

Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisiniň Baku şäherine bardy

Malaýziýa «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär