MEDENIÝET

Merkezi Aziýanyň zenan senetçileriniň kitaby çap edildi

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) ‘Merkezi Aziýanyň Zenan Senetçileri: A Lookbook Journey (Syýahat kitaby)’ atly sanly we çap neşirini resmi taýdan işe girizýär. Bu ýygyndyda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 50-den gowrak Merkezi Aziýanyň zenan senetçileriniň öndüren ajaýyp önümlerini dünýä bazaryna çykaryp, özüniň ajaýyp ussatlygyny görkezmek bilen dürli kärhanalardyr hem-de telekeçiler üçin täze söwda mümkinçiliklerini döredýär.

“LookBook” syýahat kitaby wirtual görnüşde dünýäň islendik ýerinde elýeterli bolup, ol bu hünärmenlere ýerli we halkara derejesinde öz hünärleriniň habarlylygyny we ykrar edilmegini ýokarlandyryp, dünýä derejesinde öz işini ösdürmäge mümkinçilik berer.

Milli senetler nesilleriň arasynda baý mirasy we jemgyýetçilik däp-dessurlaryny emele getirýän gözelligiň, taryhy ýazgylaryň, buýsanjyň we şahsyýetiň gaýry goýulmaz çeşmesi bolup gelýär. Obalarda zenanlaryň we olaryň maşgalalary diňe öz ojaklaryna goşant goşmak bilen çäklenmän, ýerli, milli hem goňşy ýurtlarynyň taryhyna we medeni mirasynyň goragçysy hökmünde hem çykyş edip gelýärler. Haly we dokma dokamak, keşdeli, ýüpek önümçiligi, agaç oýmak, demiri işläp bejermek, keramika we şaý-sepleri ýasamak ýaly çylşyrymly sungatlary öz içine alýan gadymy däp-dessurlaryny hem gorap saklaýarlar.

“Merkezi Aziýanyň zenan senetçileri: Syýahat kitabynyň” neşiri ykdysady garaşsyzlygyna, medeni mirasyny gorap saklamagyna, gender deňligini gazanylmagyna, bu giň gerimli we gülläp ösýän Merkezi Aziýany döretmek ugrunda möhüm ädim bolup durýar. Telekeçiligi dolandyrmagyň netijeleligini artdyrmagy bilen bir hatarda dünýä bazarlararyna çykmagynyň netijesinde bu senetler bilimiň kämilleşmegine hem-de oba maşgalalarynyň durmuş-hal ýagdaýynyň ep-esli ýokarlandyrmagyna getirip, esasanam zenan-gyzlara has hem ýardam berer.

“LookBook” syýahat kitaby USAID-iň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasynyň (TCA), Smitson institutynyň we ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Hukuk bölümi Söwda Hukuklaryny Ösdüriş Maksatnamasy (CLDP) bilen Gazagystanda Hünärmenler bileleşigi bilen amala aşyrylan hyzmatdaşlykdyr.

Taslama topary “LookBook” syýahat kitabyny döretmekden başga-da, senetçilik marketing strategiýalary we senetçilik tejribelerini we kärhanalaryny ösdürmek üçin “LookBook” syýahat kitabynyň ulanmagyň iň oňat usullary boýunça wirtual we şahsy okuwlar hem geçirdi.

“Merkezi Aziýanyň Zenan Senetçileri: A Lookbook Journey (Syýahat kitaby)” ykdysady ösüşe, medeni mirasy gorap saklamaga we zenan-gyzlara ýardam bermek bilen bir hatarda USAID-iň Merkezi Aziýadaky gender deňligiň hem ýaýbaňlandyrylmagy ugrundaky ygrarlylygynyň subutnamasydyr.

Ýene-de okaň

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy