DÜNÝÄ

Abdel Fattah as-Sisi täzeden Müsüriň prezidentligine saýlandy

Müsüriň häzirki Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi 2023-nji ýylyň 10-12-nji dekabrynda geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, gaýtadan döwlet baştutany wezipesine saýlandy. Ol ýene-de 6 ýyl Müsüriň prezidenti wezipesini alyp barar.

Prezident saýlawlarynyň resmi netijeleri Milli saýlaw topary tarapyndan yglan edildi. Saýlawlarda Prezident Abdel Fattah as-Sisi saýlawçylaryň 89,6 göteriminiň sesini aldy. As-Sisi üçin 39 million 702 müň 451 müsürli ses berdi.

Müsüriň saýlaw toparynyň maglumatyna görä, ählumumy prezident saýlawlaryna saýlawçylaryň 70 göterimine golaýy, ýagny 67 million saýlawçy gatnaşdy.

Berlen maglumatlara görä, beýleki 3 dalaşgäre 1,9 göterimden 4,5 göterime çenli ses berildi.

Abdel Fattah as-Sisi ilkinji gezek 2014-nji ýylda prezident wezipesine saýlanypdy. 2019-njy ýylda ýurtda Konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, prezidentiň wezipe ygtyýarlyklarynyň möhleti 4 ýyldna 6 ýyla çykaryldy.

Ýene-de okaň

Trampdan soňra Putin hem Hytaýa sapara barýar

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder