JEMGYÝET

Aşgabatdan üstaşyr uçar gatnawlary barada maglumatlar….

Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwa-Bangkok-Moskowa, şeýle hem Kazan-Bangkok-Kazan ugry boýunça Aşgabadyň üsti bilen halkara uçar gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Bu gatnawlar babatda “Türkmenistan” awiakompaniýasyna köp sanly sowallar gelip gowşupdyr. Awaikompaniýanyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi saýtynda käbir sowallar jogaplar berlipdir.

Aşgabadyň Halkara howa menzili bilen üstaşyr amala aşyrylýan halkara gatnawlar baradaky sowallaryň käbirleriniň jogaplary şeýle:

–  El-goşlary uçuşyň ahyrky nokady üçin resmileşdirilýär. Bu hem meselem, el-goşlary Moskowada tabşyrylyp, Bangkokda alnar.
–  Aşgabat-Bangkok bölegi üçin gonuş talony üçin ýolagçy Aşgabat şäherindäki howa menzilindäki geçiş zolagyna barmalydyr.
–  Bangkoka uçuşlar üçin ýolagçylardan PSR-test barlagy talap edilmeýär.
– Howa menzilinde üstaşyr zolakda ýolagçylar üçin restoranlar, dükanlar we biznes zallary hereket edýär.
– Aşgabat şäheriniň howa menzili dünýäniň üstaşyr gatnawlary üçin iň amatly howa menzilleriniň biridir.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri