BIZNES

Aşgabatda täze ýangyç guýujy beket işläp başlady

Paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň çäginde awtoulaglara ýangyç guýujy täze bekediň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň hünär baýramyna özboluşly sowgat boldy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirligine degişli täze bekediň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi.

Bir gije-gündiziň dowamynda 1500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen ýangyç guýujy beketde degişli hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün edýän ähli zerur şertler döredilipdir.

“Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň garamagyndaky Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işgärleriniň we hünärmenleriniň bilelikdäki zähmeti netijesinde gurlup ulanmaga berlen beketde awtoulaglara dürli görnüşli ýangyçlary guýmak hyzmaty bilen bir hatarda, ýangyç howpsuzlygy kadalaryny berk berjaý etmek üçin hem mümkinçilikler döredilipdir.

Bu ýerde işleýän hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmagy bolsa hödürlenilýän hyzmatlaryň, alnyp barylýan işleriň ýokary derejede amal edilmegine ýardam berýär.

Beketde awtoulaglara guýulýan ýangyjyň möçberi, ýerine ýetirilen işler boýunça hasabatlar, degişli seljermeler ýöriteleşdirilen enjamlar arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa işleriň talabalaýyk guralmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar