JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: «Galkynyş» gaz käniniň örän uly syýasy we ykdysady ähmiýeti bar

Türkmenistanyň Prezidenti  ýurdumyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli bu pudagyň işgärlerine Gutlag hatyny iberdi. Şol Gutlag hatynda dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň örän uly syýasy we ykdysady ähmiýetiniň bardygyny bellenildi.

– Dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly syýasy we ykdysady ähmiýeti bar. Bu käni tapgyrlaýyn özleşdirmegiň türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň gerimini giňeltmekde geljegi uludyr. Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine isleg bildirýän ýurtlaryň sany barha artýar. Dünýä belli kompaniýalar we maliýe institutlary bu ugurda biziň bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly isleg bildirýärler. Türkmenistanyň mawy ýangyjyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy bolsa uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar. Ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge uly üns berilýär. Soňky ýyllarda berkarar döwletimizde birnäçe döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär – diýip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlag hatynda bellenilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy