BIZNES

Astrahan oblasty bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda parom gatnawlary ýola goýlar

Russiýanyň Astrahan oblasty bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda parom gatnawlary täzeden ýola goýlar. Bu barada Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin “Russiýa” atly halkara sergi-forumynda TASS habarlar gullugyna beren beýanatynda belläp geçdi.

– Biz Hazarýaka döwletleriniň maýadarlaryny çekmek ugrunda tagalla edýäris. Häzirki wagtda “Lotos” ýörite ykdysady zolakda Eýranyň “Roza” kompaniýasy önümçiligini ýola gomagy meýilleşdirýär we 2024-nji ýylda hojalyk harytlaryny öndürip başlar. Türkmenistan bilen parom gatnawlaryny täzeden ýola goýmak babatda ylalaşdyk. Ýörite ykdysady zolakda Türkmenistanyň logistika merkezi bar – diýip, Babuşkin belledi.

Şeýle hem ol Hazarýaka döwletleri bilen Astrahanyň gämigurluşyk zawodlarynda gämileriň gurluşygy boýunça sargytlary kabul etmek babatda gepleşikleriň geçirilýändigini belläp, bilelikdäki medeni-ynsanperwer hem-de bilim ulgamyndaky gatnaşyklarymyzyň hem uly mümkinçilikleriň bardygyny mälim etdi.

– Biziň Astrahandaky uniwersitetlerinde Hazarýaka döwletlerinden 3 müňden gowrak talyp bilim alýar. Hazarýaka hyzmatdaşlygynyň çäklerinde medeni we sport çärelerini gurnaýarys – diýip, gubernator belläp geçdi.

Related posts

Türkmenistanyň maýa goýum forumy we ugurdaş sergisi geçiriler

Seçime hazırlık: Adayların kaydı tamamlandı

vepa

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler