DÜNÝÄ

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafi bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmak geçirildi.

Taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde tebigy gaz, elektrik energiýasy we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyga üns berildi.

Bu nukdaýnazardan, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda söwda we ykdysady çäreleriň we duşuşyklaryň toplumyny geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryndan biri, iki halkyň umumy taryhy, medeni we ruhy däplerine esaslanýan medeni we ynsanprwer hyzmatdaşlykdyr. Şunuň bilen baglylykda medeni we ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmegiň zerurlygy bellendi.

Related posts

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Fransiýanyň Prezidenti Özbegistanda saparda bolar