MEDENIÝET

Türkmenistanyň medeniýet işgärleri Türkiýede we Fransiýada iş saparynda bolarlar

Türki halklaryň medeniýeti halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 8 — 18-nji dekabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde hem-de Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde konsertler geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek konsertlere ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary hem gatnaşar. Dabaralara gatnaşjak ildeşlerimiz 8 — 19-njy dekabr aralygynda Türkiýe Respublikasynda hem-de Fransiýa Respublikasynda iş saparynda bolarlar.

Related posts

“Titanikden” öňe saýlanan film

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Ýewropanyň Medeniýet hepdeligi geçiriler

Alty setir goşgynyň güýji

Ata Watan Eserleri