SPORT

Kuraş-2023: Sanjar Abdirahmanow ýarym finalda

Aşgabatdaky Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy. Häzirki wagtda ýaryşyň deslapky tutluşyklary geçirilýär.

Çempionatyň dowamynda göz öňünde tutulan 15 agram derejesiniň sekizisi boýunça ýaryşlar geçirilip dur.

Dünýä çempionatynda 90 kg agramda çykyş edýän  Sanjar Abdirahmanow hindistanly garşydaşy Ýaş Kumary ýeňip, ýarym finala çykdy. Onuň ýarym finaldaky garşydaşy eýranly türgen bolar.

Sanjar Abdirahmanow şol bir wagtda Kenarýaka Aziýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesidir.

Related posts

Türkmenistan bilen Belgiýa futbol hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Ata Watan Eserleri

Lamin Ýamal Peläniň rekordyny goýdy

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi