Şu gün ak şäherimiz Aşgabatda ýene bir ajaýyp halkara sport baýramçylygy — Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga alýar. Sport baýramçylyklaryny ýokary derejede geçirýändigi bilen uly abraýa, meşhurlyga eýe bolan gözel paýtagtymyz ýene-de sportuň dost-doganlyga beslenen belent ruhuny dabaralandyrýar.
Merjen paýtagtymyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty tertip boýunça 14-nji dünýä çempionatydyr. Türkmenistan bu iri sport baýramçylygyny Merkezi Aziýada Özbegistandan soň kabul eden ikinji döwletdir.
Deslapky maglumatlara görä, Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna Ýer ýüzüniň 53 döwletinden 500-e golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi 14-nji gezek geçirilýän dünýä çempionatynyň gatnaşyjylarynyň taryhda iň ýokary derejesi bolar. Paýtagtymyzda myhmanlary türkmen myhmansöýerligi bilen garşylamak, olara ýokary derejede hyzmat etmek üçin ähli taýýarlyk işleri geçirildi. Daşary ýurtly myhmanlar türkmen topragyna gadam goýan ilkinji pursatlaryndan özleri üçin edilýän aladalardan hoşaldyklaryny aýdýarlar.
Dünýä çempionaty medallaryň 15 toplumy boýunça ýeňijileri ýüze çykarar. 240-a golaý türgeniň 60-sy çempionat bilen döşleri medally hoşlaşarlar. Ýaryşda erkekleriň arasynda agram derejeleriniň 7-si, zenanlaryň arasynda bolsa 8-si boýunça tutluşyklar geçiriler. Çempionata biziň ýurdumyzdan türgenleriň 15-si wekilçilik edýär.
Türkmenistanyň kuraş göreş Federasiýasy 2014-nji ýylyň 25-nji dekabrynda akkreditasiýadan geçip, Adalat ministrligi tarapyndan kabul edildi.Türkmen türgenleri Garaşsyzlyk ýyllarynda kuraş boýunça geçirilen halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem kuraş girizilip, bu ýaryşda türkmen türgenlerimiz uly üstünlikleri görkezdiler. Kuraş boýunça türkmen türgenleri 2015, 2016-njy ýylda iki gezek, 2017-nji ýylda iki gezek, 2018, 2019, 2022-nji ýyllarda bu görnüşden çykyş edip, ýurdumyzyň medallar gaznasyny baýlaşdyrmak arkaly umumy üstünlige mynasyp goşant goşdular.
Ýurdumyzda we dünýäde geçirilýän sport çärelerine talyp ýaşlar hem işjeň gatnaşýarlar. Şeýle hem ýurdumyzda guralýan halkara sport çärelerinde ýurdumyzyň ýokayr okuw mekdepleriniň talyplary meýletinçi bolup çykyş edip, myhmanlaryň hyzmatynda bolýar. Bu gezek hem biziň ýokayr okuw mekdebimiz – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşýarlar.
Şamuhammet Muhammedow,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.