SPORT

“Al-Nasr” topary UEFA-nyň Çempionlar ligasyna çagyrylarmy?

Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (UEFA) meşhur portugal ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň düzüminde çykyş edýän Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparyny 2024/25-nji ýylyň möwsüminde UEFA-nyň Çempionlar ligasyna çagyrmak mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu barada žurnalist  Ali Al-Harbi özüniň “X” (mundan ozalky – “Twitter”) jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

– UEFA “Al-Nasr” toparynda 2024-nji ýylda Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin çakylyk ibermegi meýilleşdirýär. Saud topary Ýewropa yklymynda hem uly meşhurlyga eýe boldy – diýip, belledi.

2022-nji ýylyň dekabr aýynda Kristiano Ronaldony satyn alan “Al-Nasr” topary tutuş dünýäde uly meşhurlyk gazandy. 5 gezek “Altyn pökgi” baýragyna mynasyp bolan Ronaldo 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli saud toparynyň düzüminde çykyş eder.

Ronaldodan soňra Saud Arabystanynyň çempionatynda çykyş edýän toparlar Ýewropanyň futbol toparlarynda çykyş edýän köp sanly futbolçylary satyn aldylar. Olaryň hatarynda Neýmar, Karim Benzema, Sadio Mane, Riad Mahrez, Ngolo Kante, Firmino ýaly ençeme futbolçylar bar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi