DÜNÝÄ

Ýanwar-oktýabr aýlary: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si kabul edildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, on aýyň dowamynda Mejlisiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si, Mejlisiň kararlarynyň hem 42-si kabul edildi. Häzirki wagtda parlamentiň iş toparlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar, hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin duşuşyklaryň 75-si geçirildi hem-de dürli döwletleriň ilçileriniň 24-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan halkara düzümler bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça geçirilen okuw maslahatlarynyň 90-syna gatnaşdylar, daşary ýurtlaryň 30-synda iş saparlarynda boldular. Bellenilişi ýaly, deputatlar giň jemgyýetçilige ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, kabul edilýän kanunçylyk namalaryny düşündirmek boýunça dürli çärelere, şanly seneler mynasybetli guralýan forumlara we dabaralara gatnaşýarlar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri