DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti Türki döwletleriň ösüş bankyny döretmegi teklip etdi

Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşýan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türki döwletleriň ösüş bankyny döretmegi hem-de türki dünýäsiniň hartiýasyny işläp düzmegi teklip etdi. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” habarlar gullugy habar berdi.

Özbek Lideri guramanyň maliýe edarasyny Özbegistanda ýerleşdirmäge taýýardyklaryny hem belledi. Tükri döwletleriň maýa goýum gaznasynyň öz işine başlanýandygyny bellän Şawkat Mirziýoýew onuň ýurtlaryň arasynda senagat korporasiýasy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.

Özbek Lideri indiki tapgyrda Türki döwletleriň ösüş bankyny döretmegi teklip etdi.

– Esasy maksadymyz, ähli päsgelçilikleri bilelikde netijeli ýeňip geçmek üçin Guramanyň içinde birek-birege hormat goýmak, ynam we aç-açanlyk ýörelgelerini güýçlendirmek. Bu nukdaýnazardan, türki halklarynyň agzybirligini we jebisligini, beýik geçmişini, baý medeniýetini we başlangyç gymmatlyklaryny görkezýän türki dünýäsiniň hartiýasyny işläp düzmek zerur diýip hasaplaýaryn. Bu täsin simwoliki ensiklopediýany bu ugurda öňdebaryjy alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda taýýarlamagy teklip edýärin – diýip, Özbek Lideri belledi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri