MEDENIÝET

Begmyrat Annamyradow “ABU 2023” aýdym festiwalynda çykyş etdi

Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) tarapyndan guralýan aýdym-saz telebäsleşiginiň 12-njisi guraldy. “KBS Hall” merkezinde guralan festiwalda 11 ýurduň wekilleri çykyş etdiler. Bu festiwalda Türkmenistan döwletimize Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Annamyradow wekilçilik edip, ýurdumyzyň adyndan çykyş etdi.

Türkmenistanyň meşhur aýdymçysy Begmyrat Annamyradow “Arkadagly ak şäher” atly aýdymy bilen tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazandy. Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek gerek, ol hem türkmen aýdymçysy öz doglan gününde çykyş etdi we bu hem bu konsert agşamyna aýratyn öwüşgin berdi.

Bu festiwaly tomaşa etmek üçin ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň wekilleri, şeýle hem Günorta Koreýada bilim alýan türkmen talyplary hem ýygnandylar. Dabaranyň ahyrynda türkmen aýdymçysyna baýrak hem gowşuryldy.

Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) tarapyndan guralýan aýdym-saz telebäsleşigi 2012-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Belläp geçsek, 2018-nji ýylda geçirilen 7-nji festiwal ilkinji gezek Aşgabat geçirilipdi.

Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy