JEMGYÝET

Rifat Hisarjyklyoglu: TransHazar tebigy gaz geçirijisi taslamasy üçin köp iş alyp barýarys

Şu gün Ankarada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşdy. Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edarasynda geçirilen foruma gatnaşan Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu eden çykyşynda TransHazar tebigy gaz geçirijisi taslamasy üçin köp iş alyp barýandyklaryny belledi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň metbugat gullugy habar berýär.

TOBB edarasynyň ýolbaşçysy bu barada eden çykyşynda şeýle diýdi: “Bu ugurda Türkiýäniň hususy pudagy hökmünde goşant goşmaga taýýardyrys. Eger amala aşyrsak, daşamalarda “Orta geçelge”, ýagny biziň geografiýamyz öňe saýlanar. Şeýle ýagdaýda Türkmenistan bilen Türkiýäniň hyzmatdaşlygy sebitiň ýagdaýyny üýtgetmäge mümkinçilik berer”.

Türkmenistanyň ulag we logistika ulgamynda halkara merkez bolup durýandygyny bellän Rifat Hisarjyklyoglu “Düýn Hazar üçin bizi biri-birimizden aýra düşüren deňiz diýýärdik. Siziň saýaňyzda Hazar mundan beýläk bizi birleşdiren deňiz bolar. Bu mümkinçiligi bilelikde peýdala tarapa öwürmäge mümkinçilik bar. Bu babatda Türkmenistanyň port nyrhnamalaryny arzanladandygyňyz üçin hoşallyk bildirýärin” – diýip, belledi.

Bu işewürlik maslahatyna gatnaşan Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz hem öz çykyşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürmelidigini belledi.

Hususan-da, ol Türkmenistanyň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny dünýä bazarlaryna üpjün etmekde hökman hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini bellän Jewdet Ýylmaz, bu ugurda Türkmenistan-Türkiýe, Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan babatda hyzmatdaşlygyň wajypdygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi