Ozal habar berşimiz ýaly, paýtagtymyz aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahaty we sergisi geçirilýär. Oňa dünýäniň 45-den gowrak döwletinden 700-den gowrak wekili gatnaşýar. Bu giň gerimli halkara forum energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.
Şu halkara foruma “Ata Watan Media” topary hem gatnaşyp, sergä gatnaşan birnäçe kompaniýalaryň wekilleri bilen söhbetdeş boldular.
Şu ýerde şol söhbetdeşlikleri siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Metýu Klimow,
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:
– Siziň bilen täzeden duşuşmak örän gowy. Men Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna “OGT” halkara forumynda wekilçilik edýärin. 4 ýyldan bäri Türkmenistanda bolýaryn we “OGT” forumy Türkmenistanyň gurnaýan örän möhüm maslahatlarynyň biridir. Türkmenistanyň energetika önümçiligi ykdysadyýeti ösdürýär. Amerikanyň kompaniýalary Türkmenistanyň köp sanly kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Şeýle hem biz metanyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen işleri alyp barýarys. Ol hem senagatyň häziriki wagtda möhüm ugry bolup durýar. Bular barada halkara maslahatda hem çykyşlar ediler.
Maslahatda nebitgaz senagatynyň belli ýolbaşçylary, hünärmenleri çykyş edýärler. Amerikanyň hem munuň bir bölegi bolup durýandygyna örän begenýärin.
Türkmenistanyň energetika önümçiligi hem ýokarydyr. Diňe bir tebigy gaz we nebit däl, eýsem elektrik energiýasy öndürilip, daşary ýurt bazarlaryna çykarylýar. Geljekde olaryň hataryna wodorod hem goşulyp bilner.
“Ýaşyl” energetika hem geljegiň energetikasydyr. Tebigy gaz “ýaşyl” energetika kem-kemden geçmek üçin köpri bolup durýar.
***
Abdalla AL SUWAIDI,
«Dragon Oil» kompaniýasynyň burawlaýyş we işläp geçmek boýunça baş direktory:
Bu halkara nebitgaz forumynyň ýokary derejede guralandygy üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidentine, ýurduň Hökümetine, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernlerine hoşallygymy bildirmek isleýärin. «Dragon Oil» indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda iş alyp barýar we nebit çykarmak boýunça hyzmatdaşlygymyz yzygiderli ösüşe eýe bolýar. Biz türkmen topragynda işewürligi ilerletmäge döredilýän mümkinçiliklere, bu ugurda döwlet tarapyndan berilýän goldawa tüýs ýürekden kanagatlanma bildirýäris.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara maslahaty bilen ugurdaşlykda guralýan şu gezekki sergä nebitgaz pudagynda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryň köp sanlysy öz diwarlygy bilen gatnaşýar. Wekilçilik edýän kompaniýam barada aýtsam, «Dragon Oil» nebit çig malynyň täze gorlaryny gözlemek hem-de özleşdirmek ýaly ugurlarda Türkmenistanda alyp barýan işiniň gerimini yzygiderli giňeldýär we ony geljekde-de dowam etdirmäge taýýardyr. Şunda kompaniýanyň nebit ýataklaryny gözlemek, burawlamak bilen bagly işlere döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berýändigini aýratyn nygtamak gerek.
Meniň Türkmenistana ikinji gezek gelşim. Aşgabat, Balkanabat şäherlerinde, Hazaryň türkmen kenarynda bolup gördüm. Türkmenistan, hakykatdan-da, ajaýyp ýurt.
***
Anand MENON,
«Unique Group» kompaniýasynyň satuw boýunça sebitleýin müdiri:
— Ştab-kwartirasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäherinde ýerleşýän «Unique Group» kompaniýasynyň dünýäniň ähli künjeginde öz edaralarydyr şahamçalary bar. Häzirki wagtda biz Türkmenistan bilen «Türkmen Gala» hojalyk jemgyýeti arkaly işleşýäris. Has anygy, ol bu ýerde kompaniýamyza wekilçilik edýär. Biz türkmen tarapyna, esasan, deňiz kenarynda iş alyp barmaga niýetlenen enjamlarymyzy hödürleýäris. Olar suwasty innowasion tehnologiýalar arkaly gözleg-barlag işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de biz göteriji gurluşlaryň dürli görnüşlerini ornaşdyrmaga ýardam edýäris. Türkmenistanda nebitgaz pudagy boýunça iş alyp barýan «Petronas», «Dragon Oil» ýaly kompaniýalaryň ählisini zerur bolan enjamlardyr hyzmatlaryň käbir görnüşleri bilen üpjün etmekde «Türkmen Gala» hojalyk jemgyýetiniň hyzmatlary uludyr.
***
Artur KEFER,
«Býomer armatura Gazagystan» kompaniýasynyň baş direktory:
— Biziň önümçilik düzümimiz Germaniýanyň «Böhmer GmbH» kompaniýasynyň Gazagystandaky resmi wekili bolup durýar. Bu kompaniýanyň esaslandyrylmagynyň taryhy 1956-njy ýyldan başlanýar we häzirki wagtda ol dünýäniň 38 ýurdunda iş alyp barýar. Şu gün bolsa Türkmenistanda geçirilýän halkara nebitgaz forumyna gatnaşmaga, bu ýerde guralan sergide öz önümlerimizi görkezmäge mümkinçilik aldyk.
«Býomer armatura Gazagystan», esasan, nebit we gaz geçirijileri üçin top kranlaryny öndürmäge ýöriteleşendir. Biz önümleri ýerlemek bilen birlikde, taslamalaşdyrmagyň, gurluşygyň we işe girizmegiň islendik tapgyrynda ony ulanmak boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny hem hödürleýäris. «Býomer» haryt nyşanly kranlar işe girizmegiň ähli tapgyrynda örän ýokary hili kepillendirýär. Kebşirlemek işinde öz ýöriteleşen tehnologiýamyzyň ulanylýandygy hem esasy aýratynlyklaryň biridir.
Biz şu ýylyň başyndan bäri «Bir zaman» hususy kärhanasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýduk. Ol indi Türkmenistanda «Býomer armatura Gazagystan» kompaniýasyna wekilçilik edýär. Şu gezekki sergä hem bu kärhana bilen bilelikdäki diwarlyk bilen gatnaşýarys.
