DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-ÝB ministrler duşuşygy Türkmenistanda geçiriler

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Lýuksemburg döwletinde geçirilen Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi 19-njy ministrler duşuşygyna gatnaşdy.

Şol duşuşykda türkmen tarapy 2024-nji ýylda bu formatdaky duşuşygy Türkmenistanda geçirmek baradaky teklip bilen ýüzlendi. Bu teklip Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi 19-njy ministrler duşuşygynyň bilelikdäki beýanatynda hem öz ornuny aldy.

Duşuşyga gatnaşyjy döwletleriň ministrleri Türkmenistanyň teklibini makulladylar, şeýle hem duşuşygyň çäklerinde ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin “ýol kartasy” bilelikde kabul etdiler.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde Özbegistanda ÝB-Merkezi Aziýa sammitiniň geçiriljekdigi yglan edildi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar