JEMGYÝET

Burak Özçiwit Türkmenistana geldi

Şu gün Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy bolar. Bu kino foruma gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň meşhur kino hünärmenleri, kino aktýorlary we kino bilermenleri paýtagtymyz Aşgabada geldi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu festiwala gatnaşmak üçin ýurdumyzda gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda meşhur türk aktýory Burak Özçiwit hem bar. Burak Özçiwit hem-de Türkiýäniň kino hünärmenleri paýtagtymyz Aşgabada geldiler.

Häzirki wagtda “Kuruluş: Osman” teleserialynd çykyş edýän Burak Özçiwit hem-de bu serialy surata düşürýän kinorežissýor Mehmet Bozdag we ýanyndaky wekiliýet halkara howa menzilinde garşylandy.

– Türkmenistan biziň ata ýurdumyz. Şonuň üçin biz hem ýygy-ýygynda ata ýurdumyzy ýatlaýarys. Bizi şeýle iri göwrümli film festiwalyna çagyrandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygymyzy bildirýäris. Aşgabat şäheriniň gijeki keşbi örän owadan – diýip, Mehmet Bozdag Halkara habarlar merkeziniň habarçylaryna beren beýanatynda belläp geçdi.

Şeýle hem Burak Özçiwit öz çykyşynda Aşgabadyň keşbine haýran galandygyny belledi. “Ata topraklarymyza geldik. Kinofestiwalyň hem örän gowy boljakdygyna şu wagtdan aýdyp bilerin”  – diýip, belledi.

Mundan başga-da film festiwalynyň maksatnamasynda Burak Özçiwitiň baş keşbi ýerine ýetiren «Gurluş: Osman» atly taryhy teleserialyň tanyşdyrylyşy bolar. Bu teleserialyň dürli möwsümleri surata düşürilende ýurdumyzyň wekilleri – garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşaýjysy Gözel Röwşenowa dagy hem keşpleri janlandyrdylar.

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Türkmenistanda ýolbaşçy düzümler 1-nji awgustdan başlap dynç alşa çykar

Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna

Talyp-2025: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Talyp-2025: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Ata Watan Eserleri