BILIM

Halkara gatnaşyklary instituty bilen Astrahan Döwlet uniwersitetiniň arasynda ähtnama gol çekildi

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda, Aşgabat şäherinde geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen W.N.Tatişew adyndaky Astrahan Döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu Ähtnama gol çekilmegi iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda özüniň mynasyp goşandyny goşar. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen Ähtnamanyň çäginde geljekde okuw seminarlaryny guramak, ylmy-amaly maslahatlary we barlaglary geçirmek, akademiki çärelere gatnaşmak üçin özara çakylyklary, makalalary, okuw we görkezme gollanmalaryny, okuw maksatnamalaryny alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ediler.

Bu Resminama gol çekilmegi iki dostlukly ýurduň bu ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirer.

Şeýle hem W.N.Tatişew adyndaky Astrahan Döwlet uniwersiteti ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti hem-de A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän orta mekdebi bilen degişli resminamalary baglaşmagy meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Italiýanyň uniwersitetine talyp maksatnamasyna kabul edişlik başlandy

Türkmen Nakyllary Amerikada Iňlis dilinde neşir edildi

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň açylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistan bilen “Huawei” emeli aň we IT boýunça hünärmenleri taýýarlar

Hytaýly mugallymlar Türkmenistanyň 3 ýokary okuw mekdebinde işleýärler