JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistanda resmi saparda boldy. Bu sapar Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana ilkinji saparydyr.Saparyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-türk gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň barşynda çykyş eden türk ministri Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda güýçli gatnaşyklary bolan iki döwletdigini belledi.

Hakan Fidan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşandygyny belläp, örän netijeli gepleşikleriň geçirilendigini mälim etdi.

Şeýle hem Fidan geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda üçtaraplaýyn duşuşygyň geçirilendigi, şol möhüm sammitde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatda pikir alşandyklaryny belläp geçdi.

– Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz hakykatdanam gaty güýçli we berkdir. Muny has-da ösdürmek we gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açmak ugrunda tagalla edýäris. Türkiýe bilen Türkmenistan sarsmaz, berk gatnaşyklary bolan iki döwlet we bu iki döwletiň häzirki döwürdäki hyzmatdaşlygy doganlyk gatnaşyklaryny has-da güýçlendirer diýip pikir edýärin – diýip, Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belläp geçdi.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň ministrleri Türkmenistan bilen Türkiýänyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekdiler.

Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy