DÜNÝÄ

Türkiýeli işewür Ahmet Çalyk “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

“Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň başlygy türkiýeli işewür Ahmet Çalyk Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda, “Arkadag” medaly bilen sylaglandy. Bu barada türk işewüri Halkara habarlar merkeziniň habarçylaryna beren interwýusynda belläp geçýär.

– Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Arkadag” medalyna mynasyp bolandygyma örän şatdyryn. Şeýle möhüm baýraga meni hem mynasyp görendikleri üçin hoşaldyryn. Türkmenistanda ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda bolsa, Türkmenistanda dünýäde uly ösüşler gazanan ýurtdyr. Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy çözgütler ulanylýar.

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow meni kabul etdi. Biziň kompaniýamyzyň alyp barýan işleri barada hasabat berdim. Täze taslamalar barada maglumat berdik. Bu medal maňa we meniň ähli dostlaryma berlen sylagdyr. Bu abraýly baýrag bizi mundna beýläk-de has uly işler etmäge itergi berýär.

Pursatdan peýdalanyp, ähli türkmen halkyny Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlaýaryn.

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Türkmenistanyň «Arkdag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup, ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny, bitiren hyzmatlaryny hormatlamak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak, bu ugurda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri