SPORT

Olimpiýa oýunlaryna sportuň 5 görnüşi goşular

2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anželes şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna sportuň ýene-de 5 görnüşini goşmak meýilleşdirilýär. Bu barada Los-Anželesiň Olimpiýa oýunlary boýunça guramaçylyk toparynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Guramaçylar Olimpiýa oýunlaryna flag-futbol, kriket, lakross, skwoş, şeýle hem softbol bilen bilelikde beýsboly hem girizmegi teklip edýär. Sportuň bu täze görnüşlerini oýunlaryň düzümine girizmek baradaky çözgüdi Halkara Olimpiýa komiteti tassyklamaly bolýar. Şu ýylyň 15-17-nji oktýabrynda Hindistanda geçiriljek Halkara Olimpiýa komitetiniň mejlisinde bu babatda ses berişlik guralar.

Olimpiýa oýunlarynyň düzümine sportuň täze görnüşleriniň girizilmeginiň oýunlara täze türgenleriň, sportuň şol görnüşleriniň janköýerleriniň gatnaşmagyna mümkinçilik döreder.

2022-nji ýylda Halkara Olimpiýa komiteti Los-Anželesdäki Olimpiýa oýunlarynyň deslapky maksatnamasyna sportuň 28 görnüşini girizdi. Olar – ýaýda ok atmak, ýeňil atletika, basketbol, badminton, welosport, atly sport, gylyçlaşmak, futbol, golf, sport gimnastikasy, çeper gimnastika, gandbol, otuň üstünde hokkeý, dzýudo, grebl, regbi-7, ýelkenli gaýykçylar sporty, ok atmak, skeýtbording, daga dyrmaşmak, serfing, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tekwando, tennis, triatlon, woleýbol we göreş.

Los-Anželesdäki Olimpiýa oýunlary 2028-nji ýylyň 14-nji iýulynda başlap, 30-njy iýulda tamamlanar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler