Türkmenistan bilen Yragyň arasynda tebigy gazy ibermek boýunça ähtnama gol çekildi. Bu barada Yragyň metbugat neşirleri habar berýär.
Türkmenistan bilen Yragyň arasynda bu ýurduň elektrik stansiýalaryny tebigy gaza bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen tebigy gazy ibermek babatda özara düşünişmek hakyndaky äthnama gol çekildi. Yragyň “INA” habarlar gullugy ýurduň Elektroenergetika ministrligine salgylanyp habar berýär.
Bu resminama Bagdad şäherinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen Yragyň elektrik energetika ministri Ziad Ali Fadeliň arasynda gol çekildi. Şeýle hem Bagdad şäherinde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Şeýle hem türkmen tarapy Yragyň energetika boýunça wise-premýeri we nebit ministri Haýan Abdul Gani bilen hem gepleşikler geçirip, tebigy gazy ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigi bellenilip geçildi.
– Nebit ministri Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen geçiren duşuşygynda nebitgaz we energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Yrak we Türkmenistan bu ugurlarda uly mümkinçiliklere eýedir. Yragyň hökümeti we Nebit ministrligi Türkmenistan bilen nebit we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmäge uly gyzyklanma bildirýär – diýlip metbuagt beýanatynda bellenilip geçilýär.
Abdul Gani gol çekilen ähtnamanyň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltmek üçin möhüm ädim bolup durýandygyny belläp, türkmen kompaniýalaryny maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Yragyň energetika ministriniň orunbasary Adil Karimiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolup, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen gepleşikler geçiripdi.
Şonda türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen swop görnüşinde satyn almak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylypdy. Şol gepleşiklerde yrak tarapy uzakmöhletleýin şertnama esasynda türkmen tebigy gazyny azyndan 5 ýyl möhlet bilen satyn almaga gyzyklanma bildiripdi.
