DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň ilçisi wezipesine girişdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan syýasy dialogyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça işjeň gatnaşyklaryň saklanylýandygy nygtaldy.

Türkmenistan we Azerbaýjan köp ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Gazanylan ylalaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna möhüm orun degişlidir.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Milli Liderimizden daşary ýurt ýolbaşçylaryna gutlaglar

5. Aziýa Oýunlary Koreýada mahabatlandyryldy

vepa