DÜNÝÄ

Gazagystan Germaniýa nebit eksportuny dowam etdirer

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Germaniýada resmi saparda bolýan Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.

Duşuşykdan geçirilen metbugat brifinde çykyşn eden Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Germaniýa bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk edilýändigini belläp geçdi.

– Bilşiňiz ýaly, ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda şu ýylyň başyndna bäri Gazagystan “Dostluk” nebit geçirijisi arkaly Germaniýa 500 müň tonna nebit iberdi. German dostlarymyzyň haýyşy boýunça bu nebit eksportunyň möçberini artdyrmak we ony uzakmöhletleýin esasda amala aşyrmak babatda taýýardygymyzy tassykladym – diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew belläp geçdi.

Bu saparyň çäklerinde “Siemens”, “Deutsche Bahn”, “Siemens Energy”, “Linde” ýaly german kompaniýalary bilen şertnama baglaşyldy.

Şeýle hem Germaniýanyň “Helaba” banky Gazagystanda sianid natrili himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 100 million ýewro bermek babatda ylalaşyk gazanyldy.

Geçen ýyl Gazagystan bilen Germaniýanyň ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary 25 göterim artyp, 2.8 milliard dollara deň boldy.

Şeýle hem german kompaniýalary Gazagystanyň çig mal däl pudaklaryna 6 milliard dollar möçberinde maýa goýumlary gönükdirdiler.

Related posts

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi

Putin Alýaska sapar eden ilkinji rus lideri bolar

Dünýäniň iň garry är-aýaly nika toýunyň 80 ýyllygyny belledi

vepa