JEMGYÝET

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Germaniýada saparda bolarlar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsuň çakylygy boýunça Germaniýada iş saparynda bolarlar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ilkinji gezek Berlin şäherinde geçiriljek “Germaniýa-Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşarlar. Bu barada ýurtlaryň Baştutanlarynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow saparyň çäklerinde Kansler Olaf Şols bilen ikiçäk gepleşikler geçirer. Germaniýanyň Prezidenti bilen Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşjak Sadyr Žaparow “German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň’ işewürler assosiasýasynyň agzalary bilen duşuşyklar geçirer.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols hem-de Federal Prezidenti Frank-Walter  Ştaýnmaýer bilen duşuşar.

Özbek Lideri hem German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň gurajak işewürler duşuşygyna gatnaşar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri