Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak zerurdygyny aýtdy.
Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Halkyň ýaşaýyş derejesi şähergurluşyk işi bilen berk baglydyr. Bu ugurda ýurdumyzda zerur kanunçylyk binýady döredildi. Kabul eden kanunlarymyz adamyň talabalaýyk ýaşaýyş jaýynyň bolmagy we durmuş gurşawynyň emele getirilmegi, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegi bilen bagly durmuşa geçirýän işlerimizi mundan beýläk hem üstünlikli dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.
«Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanda şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak zerur diýip hasap edýäris. Bu strategiýa täze eýýamda baş maksadymyza ýetmekde – halkymyzyň hal-ýagdaýyny dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakda ýene-de bir möhüm ädim bolar!» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.