BIZNES

Balkanabat şäherinde täze gazlandyrylan içgileriň önümçiligi ýola goýuldy

Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherindäki “Zürýada hyzmat” hususy kärhanasy ýakynda gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň hem-de arassalanan agyz suwunyň önümçiligini üstünlikli ýola goýdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hususy kärhananyň “Dam-dam” ady bilen öndürýän gazlandyrylan alkogolsyz içgileriniň hem-de arassalanan agyz suwunyň hil derejesi ýokary bolup, olaryň öndürilýän möçberi barha artýar.

Dürli görnüşli datly içgiler Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan getirilen kämil tehnologik enjamlaryň sazlaşykly işledilmegi arkaly öndürilýär. Bu ýerde gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň ýylda ortaça 8 million 500 müň litrini, gaplanan arassa agyz suwunyň hem 15 million litrini döwrebap derejede öndürmäge doly mümkinçilik bar.

Kärhananyň önümçilik bölümine suw Ýasga ýerasty tebigy kölünden gaýdýan suw geçirijiler arkaly getirilip, ýerlikli ulanylýar. Bu ýere gelip gowuşýan suw ýokary hilli süzgüçler arkaly iki tapgyrda arassalanýar hem-de ýene barlaghana gözegçiliginden pugta geçirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, taýýar görnüşe getirilen gazlandyrylan alkogolsyz içgileri we arassalanan agyz suwuny dürli ölçeglerdäki gaplara gaplamak işleri önümçiligiň kämil awtomatlaşdyrylan usulynda amala aşyrylýar. Içgileri gaplamak üçin zerur bolan polietilen gaplaryň ilkinji çig maly bolsa Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän “Uly çynar” hojalyk jemgyýetinden alynýar. Olar kärhananyň degişli önümhanasynda gaýtadan işlenilip, dürli görnüşli datly içgileriň hem-de arassalanan agyz suwunyň her günde müňlerçe litri täzeligi bilen müşderilere ýetirilýär.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy