DÜNÝÄ

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş baýramy bellendi

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 30-njy awgustynda Türkiýe Respublikasynda garaşsyzlyk ugrunda gazanylan uly ýeňşiň şanyna Ýeňiş baýramy giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary hem dabaraly çäreler guraýar.

In,e şeýle çäreleriň biri Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan hem guraldy. Şu ýyl Türkiýede giňden bellenilen Ýeňiş baýramynyň 101-nji ýyly mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Türkiýäniň ilçihanasynyň rezidensiýasynda geçirilen dabarada Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral hem-de ilçihananyň harby attaşesi polkownik Mehmet Ýyldyz myhmanlary garşy aldy. Dabara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň wekilleri, Aşgabatdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ilçihananyň işgärleri we metbugat wekilleri gatnaşdy.

Dabarada iki ýurduň milli senalary ýaňlandy. Soňra ilçi Togan Oral Ýeňiş baýramy mynasybetli dabara gatnaşan myhmanlara çakylygy kabul edip gelendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlagyny okady.

Harby attaşe Mehmet Ýyldyz hem öz çykyşynda Ýeňiş baýramynyň türk halky üçin ähmiýetlidigini belläp, bu gazanylan ýeňşiň Türkiýe Respublikasynyň döredilmegi hem-de döwrebap derejede ösdürilmegi üçin möhüm bolandygyny belledi.

Dabarada myhmanlara hödür-kerem edildi.

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy