DÜNÝÄ

Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin ÝB-niň ilçisine hoşallyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, ikitaraplaýyn görnüşde we “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli özara gatnaşyklar barada nygtaldy.

Bu nukdaýnazardan diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Adam hukuklary, parlamentara gepleşikler we “Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan” Bilelikdäki toparyň mejlisiniň çäklerinde yzygiderli çäreleriň möhüm ähmiýeti bellenildi. Bilelikdäki bilim we alyş-çalyş taslamalaryny hem-de maksatnamalaryny (Erazmus +) durmuşa geçirmegiň gidişi, ekologiýa we “ýaşyl” özgerişler babatynda gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle hem Merkezi Aziýada dürli sebit maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatynda netijeli hyzmatdaşlygy beýan etdiler.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri