JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekilini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolup durýan Merkezi Aziýanyň häzirki günde depginli ösüşi görkezýändigi bellenildi. Sebitiň ýurtlary ählumumy parahatçylygyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan soňky ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi we anyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebit merkeziniň alyp barýan möhüm işiniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, köp ýyllaryň dowamynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär hem-de dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Jenap Kaha Imnadze  ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň baý tejribesine hem-de uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Pakistana çagyryldy