BILIM

Ýaşlar baýragyna dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Ýaşlar baýragyna dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başlady.

Her ýyl geçirilýän bu çäre ýurdumyzda edebiýat we sungat, ylmy gözlegler, lukmançylyk we sport, oba hojalygy we jemgyýetçilik çärelerinde möhüm üstünlikleri, döredijilik we zähmet işjeňligini görkezen 16 – 35 ýaş aralygyndaky ýaş raýatlary gatnaşmaga çagyrýar.

Baýraga dalaşgärler ministrlikler, müdirlikler, döwlet edara-kärhanalary, jemgyýetçilik we döredijilik guramalary, ylym, bilim, saglygy goraýyş edaralary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan hödürlenip bilner.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna dalaş edýänler 15-nji sentýabra çenli guramaçylyk komitetine şu resminamalary tabşyrmalydyr: 3×4 ölçegli 6 sany surat; pasportynyň göçürmesi, diplomlar, hormat hatlary, metbugatda çap edilen döredijilik eserleri, telewizion çykyşlarynyň stenogrammalary; iş ýa-da okuw ýerinden häsiýetnama; Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna agzalyk şahadatnamasy.

Däp boýunça, gözden geçirilişiň ýeňijilerine Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy 16-njy noýabrda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni geçiriler. Şol gün 1991-nji ýyldan bäri türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen, işjeň we köptaraplaýyn iş alyp barýan, bu gurama döredilmeginiň 32 ýyllygyny bellär.

Ýokary baýrak – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Ýaşlar baýragy her ýyl ýurdumyzyň ýaş nesliniň tapawutlanan, zehinli we guýmagursak wekillerine Watanyň durmuşyna jan edip gatnaşandyklary we Türkmenistanyň ösüşine şahsy goşantlary üçin berilýär.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Aşgabatda saparda bolar

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Katar bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanly ýaşlaryň 100 sanysy Hytaýyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy

Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda II halkara bäsleşigi geçirildi