73 ýaşyndaky gazak syýahatçysy Sarsenbaý Kotyraşow 2-nji awgustda Gazagystanyň Atyrau şäherinden gezelenje çykdy. Ol dünýäniň daş-töweregine syýahat edip, bu syýahatyny 2025-nji ýylda tamamlamagy meýilleşdirýär.
– Dünýäniň daş-töweregine syýahat etmekdäki maksady Ginnesiň rekordlar kitabyna girmekden ybarat. Resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda 70 ýaşdan ýokary ýaşly adamlaryň arasynda şeýle rekord hasaba alynmandyr. Men özümi örän gowy duýýaryn. Gazagystan boýunça pyýada marafon meniň üçin synag boldy. Ýaş bu görkeziji däl. men öz güýjüme ynanýaryn we muny başarjakdygyma ynamym ýokary – diýip, Sarsenbaý Kotyraşow belläp geçdi.
Gazak aksakgaly bu gezelenji üçin ýanyna el bilen sürülýän arabajyk aldy. Oňa ähli zerur bolan zatlary ýerleşdirdi. Ol her gün 30-40 kilometr menzil aşmagy meýilleşdirýär.
Ol Gazagystan-Russiýa-Tükriýe-Bolgariýa-Serbiýa-Wengriýa-Awstriýa-GErmaniýa-Fransiýa-ABŞ-Hytaý-Mongoloiýa-Russiýa-Gazagystan ugry boýunça ýol geçer. Bu gezelenji 2 ýylda amala aşyryp, 2025-nji ýylda Watanyna dolanyp gelmegi maksat edinýär.
