Merkezi Aziýanyň üç ýurdunyň — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Bu sammitiň ertir- ýagny 4-nji awgustda geçirilmegine garaşylýar. Sammite gatnaşmak üçin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýurdumyza gelmegi göz öňünde tutulýar.
Ilkinji gezke geçirilýän üçtaraplaýyn sammit barada ýurdumyzyň merkezi gazetlerinde – “Türkmenistan” hem-de “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetlerinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň hem-de Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklara bagyşlanan makalalar toplumlary neşir edildi.
Gazetlerde ýerleşdirilen käbir maglumatlara görä, soňky onýyllykda Merkezi Aziýa döwletlerinde jemi içerki önümiň ortaça ösüşi 3,6 göterime barabar bolupdyr. Ykdysadyýetiniň ösmegi bilen, ýurtlaryň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi hem ýokarlanýar. Meselem, bu görkeziji soňky 20 ýylda 6 esse artypdyr. Demografiýany öwrenijiler sebitde her ýylda ilatyň hem 2 göterim artýandygyny aýdýarlar. Hasaplamalara görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäginde anyklanan nebit gorlarynyň 30 milliard tonnasy, gazyň hem 20 trillion kub metrden gowragy bar. Munuň özi sebite maýa goýmakda-da ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär. Bäş ýurduň Liderlerini bolsa Merkezi Aziýa sebitiniň durnuklylygyny we yzygiderli ösüşini, onuň çäginde ýaşaýan halklaryň abadançylygyny üpjün etmek maksady birleşdirýär.
