Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

Arkadag şäheri.

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

Arkadag şäheri.

Arkadagyň yhlasyndan döredi,

Arkadag şäheri-akylly şäher.

Açylşynda başymyz gök diredi,

Arkadag şäheri-akylly şäher.

 

Köpetdag deňinde gurulan şäher,

Hakdan ak patasy berilen şäher,

Busanýan, guwanýan her şamu-säher,

Arkadag şäheri-akylly şäher.

 

Giň goýnuňda mesgen tutdy illerim,

Dost-dogany birleşdirýär ýollaryň,

Waspyňy ýetirer saýrak dillerim,

Arkadag şäheri-akylly şäher.

 

Lowurdaýaň zemindäki Gün ýaly,

Keşbiň bilen haýran edýäň dünýäni,

Älem içre görmedim men sen ýaly,

Arkadag şäheri-akylly şäher.

 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar,

Ýerine ýetirýär ajaýyp işler,

Jahankeşde bary goýnuňda düşlär,

Arkadag şäheri-akylly şäher.

 

Şamçyrag sen bagtyýarlyk döwrüme,

Şan goşulsyn ebedilik ömrüňe,

Egsilmejek ylham berdiň göwnüme,

Arkadag şäheri-akylly şäher.

Güýçnazar Täşliýew,

Balkan welýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik  toplumynyň mugllymy.            

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi