Duşenbe şäherinde geçirilen «CAFA Futsal Cup-2023» halkara futzal ýaryşynyň jemleýji oýun güni geçirilip, onuň netijesinde Eýranyň milli ýygyndysy (12 utuk) birinji orna eýe boldy.
Soňky tapgyryň duşuşyklarynda Eýranyň ýygyndy topary Täjigistanyň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda Özbegistanyň ýygyndy topary Gyrgyzystandan (4:0), Owganystanyň ýygyndy topary bolsa Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan (3:2) üstün çykdylar.
Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň ikinji, üçünji orunlary degişlilikde Owganystanyň (10 utuk) hem-de Özbegistanyň (9 utuk) milli ýygyndylary eýelediler. 6 utuk toplan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýaryş tertibinde bäşinji orny eýeländigini bellemek gerek.
Ýaryşyň iň köp gol geçiren futbolçysy Özbegistanyň ýygyndysyndan Husniddin Nişonow bolup, ol 5 gol geçirmegi başardy. “Iň gowy derwezeçi” baýragyna Eýranyň derwezebany Mahdi Rostami eýe boldy.
«CAFA Futsal Cup-2023» halkara futzal ýaryşynyň iň peýdaly futbolçysy hökmünde Eýranyň ýygyndysyndan Ali Akrami baýraga mynasyp boldy.
