SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa ýeke-täk elektron wiza düzgünini girizýär

2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndna Russiýa Federasiýasy daşary ýurtlular üçin ýeke-täk elektron wiza düzgünini girizýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Daşary ýurt raýaty Russiýa Federasiýasyna gitmezden iň azyndan 4 senenama  güni ozal elektron wiza almak üçin ýüz tutmalydyr. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýöriteleşdirilen https://electronic-visa.kdmid.ru salgysy ýa-da onuň mobil goşundy arkaly elektron görnüşde sowalnamany doldurmak gerek.

Arzanyň ýany bilen surat we daşary ýurt raýatynyň pasportunyň skanirlenen sahypasy berkidilýär. Ýeke-täk elektron wiza almak üçin başga resminamalar talap edilmeýär. Şol bir wagtda wizanyň bu görnüşi töleglidir.

– Ýeke-täk elektron wiza  Russiýa Federasiýasyna myhman ýa-da iş sapary bilen barmaga, şol bir wagtda syýahatçy hökmünde gitmäge, ylmy, medeni, syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, sport çärelerine gatnaşmak üçin bir gezeklik Russiýa girmäge mümkinçilik berýär – diýlip bellenilýär.

Elektron wizanyň möhleti resmileşdirilen gününden başlap 60 gije-gündizdir.

Ýene-de okaň

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri