JEMGYÝET

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Komissiýasynyň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýene ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşykda ilçi Türkmenistanyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmlerini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny belledi.
Türkmen diplomaty ýokayr derejedäki saparlaryň guramagyň möhümdigini belläp, türkmen tarapynyň şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy üçin Brýussele saparyny guramagy göz öňünde tutýandygyny belledi.
Hanym Ursula fon der Lýaýen Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen duşuşmaga şatdygyny belläp, öz topary bilen bilelikde türkmen taapy bilen bu mesele boýunça bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny belledi.

1 (12).jpg

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degişli meseleler boýunça hem pikir alşyldy. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Hökümetiniň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyna ýokayr baha berip, bu ugurda geljekki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň ÝB üçin esasy ugurlaryň biridigini belledi.

Ilçiniň bellemegine görä, türkmen tarapynyň bu babatda ýakyn wagtda Brýusselde Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça Baş direktorlygy bilen gepleşikler geçirjekdigi mälim edildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Pakistana çagyryldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze rektor bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri