SPORT

«CAFA Futsal Cup-2023»: Türkmenistan nobatdaky ýeňşini gazandy

Merkezi Aziýa wekilçilik edýän milli ýygyndylaryň gatnaşmagynda geçirilýän «CAFA Futsal Cup-2023» halkara futzal ýaryşynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndy toparyny 2:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Bu ýaryşyň çäklerindäki duşuşyklar Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilýär.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň derwezeçisi Meretgelgi Gurbanow duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy.

Bu halkara ýaryşyň çäklerinde Eýranyň ýygyndysy Özbegistany 5:0 hasabynda utdy. Ýer eýeleri Täjigistan Owganystan bilen duşuşar.

Türkmenistanyň ýygyndy topary 30-njy iýulda jemleýji duşuşygyny geçirer we Owganystanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Özbegistan Gyrgyzystany, Täjigistan bolsa Eýrany kabul eder.

«CAFA Futsal Cup-2023» ýaryşy Merkezi Aziýa döwletleriniň milli ýygyndylarynyň arasynda ilkinji gezek geçiriler. Halkara ýaryş 23-30-njy iýul aralygynda geçirilýär.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler