DÜNÝÄ

BAE-de 3 günlük ýas yglan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan kiçi dogany Şeýh Said bin Zaid Al Nahaýýanyň aradan çykandygy zerarly ýurtda 3 günlük ýas yglan etdi. Bu barada ýurduň resmi habarlar gullugy habar berýär.

1965-njı vylda doglan Şeýh Said bin Zaid Al Nahaýýan 1988-nji ýylda BAE-niň uniwersitetinde syýasy bilimler ugry boýunça bakalawr derejesini aldy.

Okuwyny tamamlandan soňra Abu-Dabiniň meýilnamalaşdyryş bölüminde wezipä bellendi. 1991-1996-njy ýyllarda deňiz portlary bölüminiň ýolbaşçysy boldy.

Ol ýurduň ýolbaşçy düzümi bilen köp sanly daşary ýurt saparlarynda wekiliýetiň agzasy bolup çykyş etdi. 2002-2003-nji ýyllarda BAE-niň futbol assosiasiýasynyň ýolbaşçysy boldy.

Mundan başga-da, BAE-de dürli ösüş taslamalarynda möhüm rol oýnady. Şeýle hem, Abu Dabiniň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, Abu Dabiniň Ykdysady ösüş geňeşiniň (ADCED) agzasy boldy.

Related posts

Türkmenistan bilen ÝUNOPS-yň hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Визит министра иностранных дел Исламской Республики Иран в Туркменистан

Leave a Comment