DÜNÝÄ

Türkmenistan Singapur bilen “akylly şäher” ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky (ýerleşýän ýeri Seul) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakoba ynanç hatyny gowşurdy.

Ynanç hatyny gowşurmak dabarasyndan soňra Singapuryň Prezidenti bilen ilçi arasynda gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň iberen ýakymly arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi Türkmenistanyň Singapur bilen dürli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maliýe, saglygy goraýyş, senagat, maglumat, nebithimiýa, ulag-logistika, şähergurluşyk, şeýle hem medeni-ynsnaperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hususan-da, ilçi Türkmenistanyň “akylly şäherleri” gurmak we dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmasynyň bardygyny belläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň milli we halkara infrastruktura taslamalaryny işjeň öe sürüp, durmuşa geçirýändigini belläp, şeýle taslamalaryň biriniň ýurduň ilkinji “akylly şäheri” Arkadag şäheri taslamasy bolup durýandygyny mälim etdi.

Öz gezeginde, Prezident Halima Ýakob Türkmenistanyň ilçisini jogapkärçilikli diplomatik wezipesine bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şeýle hem Prezident Halima Ýakob ýurduň ýolbaşçylaryna Türkmenistan bilen Singapuryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrundaky uly goşandy üçin hoşallygyny bildirdi.

Related posts

İstanbul Üniversitesinde Mahtumkulu Firakı’nın şiir günü dolayısıyla bilimsel konferans düzenlendi

vepa

Kasym-Žomart Tokaýew: Hazarýaka döwletleriniň azyk merkezini döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar

Leave a Comment