SPORT

Saud Arabystany futbola 19.7 milliard ýewro gönükdirýär

Saud Arabystany ýurduň futbol toparlaryna täze futbolçylary satyn almagy üçin uly möçberde maliýe serişdelerini bölüp berdi. Bu barada metbugat neşirleri habar berýär.

Saud Arabystanynyň Sport ministrligi ýerli klublara 2030-njy ýyla çenli täze futbolçylar satyn almak üçin 17 milliard funt-sterling (22 milliard dollar) bölüp berdi. Bu görkeziji bilen her ýyl 2,5 milliard ýewro transfer üçin göz öňünde tutulýar.

Soňky döwürde Saud Arabystanynyň köp sanly futbol toparlary Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda çykyş eden futbolçylaryň birnäçesini düzümine goşdy.

Ýurduň iň baýry futbol toparlarynyň biri bolan “Al-Hilal” topary Lionel Messi satyn almaga synanşdy. Ýöne bu başa barmady. Saud topary Neýmar hem-de Luka Modriç bilen hem gyzyklandy. Olaryň 2024-nji ýyldaky maksady häzirki wagtda “Barselona” toparynyň düzüminde çykyş edýän Robert Lewandowskini satyn almak bolup duýar.

Şeýle hem bu topar fransuz ýyldyz Kilian Mbappe hem teklip bilen ýüzlendi. Şeýle hem bu teklibiň futbol taryhyndaky rekord bolup durýar.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler