Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň sammitinde eden çykyşynda ulag hem-de energetika ulgamynda hem birnäçe möhüm teklipleri öňe sürdi.
Syýasy meseleler bilen bir hatarda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem örän ähmiýetli wezipeleriň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag, energetika, maýa goýumlar we söwda pudaklaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi. Bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze üstaşyr ulag geçelgeleri, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmegi wajyp hasaplaýarys. Ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam edip, energetika pudagyna hem giň orun berilýändigini, bu ýurtlarda baý energiýa çeşmeleriniň, ýangyç-energetika serişdeleriniň we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalarynyň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi.
