Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşy gyzgalaňly dowam edýär. Bu ýaryşda çykyş edýän türkmen türgenleri hem ynamly netijeler gazanýar.
Mälim bolşy ýaly, bu halkara ralli ýaryşynda Türkmenistan döwletimize Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan Merdan Toýlyýew, Şöhrat Toýlyýew, Maksatmyrat Daňatarow, Didar Orazmedow, Begenç Annaýew, Muhammetmyrat Gurbanow (“Nissan Patrol”), Süleýman Annamämmedow, Parahat Garlyýew (Toýota LC 200) dagy wekilçilik edýär.
T2 kateogriýasynda öz ussatlygyny görkezýän türkmen türgenlerinden Maksatmyrat Daňatarow häzirki wagtda ikinji orna çykdy. Bu ugurda birinjiligi “Toyota LC 200” ulagy bilen rus ralliçi Anton Melnikow eýeläp gelýär.
Melnikowyň esasy bäsdeşi Daňatarow boldy we olaryň aratapawudy 46 minuta deň boldy. Leonid Petrow üçünji, Merdan Toýlyýew we Şamyrat Gurbanow degişlilikde 4-nji we 5-nji orunlary eýeleýär. 6-njy orunda bolsa, Ýewgeniý Suhowenko barýar.