MEDENIÝET

Türkmenistan “Asiavision”-nyň iň işjeň 10 agzasynyň arasyna goşuldy

ABU Bütindünýä habarlar forumynyň dowamynda Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň iň işjeň 10 agzasy yglan edildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň gözden geçirilýän döwür üçin 293 material iberendigi üçin, 7-nji ýeri eýeländigini bellemelidiris.

“Asiavision” (AVN) Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň habarlar bölümi tarapyndan dolandyrylýan wideo habar alyş-çalşygydyr. Munda her ýyl 15 000-den gowrak täzelik paýlaşylýar. “Asiavision” täzelikleri teleýaýlym we onlaýn habarlar, YouTube we sosial media ýaly ähli sanly platformalar üçin amatlydyr.

“Asiavision” iň täze habarlary, sözbaşylary, iş täzeliklerini we daşky gurşaw, saglyk, tehnologiýa, sport, bilim, medeniýet, innowasiýa we sungat ýaly möhüm mazmuny öz içine alýar. “Asiavision” gatnaşyjylara ABU-nyň dogan kärdeşler arkalaşyklary: Ýewropa ýaýlymlar bileleşigi (EBU), Arap ýaýlymar bileleşigi (ASBU) we Afrika ýaýlymalar Bileleşigi (AUB) barada maglumat berýär.

Related posts

“Google” söýgüliler gününi unutmady

Diananyň awtoulagy auksionda satylar

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň meşhur aktýory aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment