SPORT

Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň “Dinamo” toparyna tälim berer

Ildeşimiz Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň “Dinamo” toparyna tälim berer. Bu barada toparyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär. 70 ýaşyndaky hünärmen Dagystanyň güýçli toparlarynyň birine tälimçilik eder. Onuň esasy maksady bu topary Russiýanyň ýokary ligasyna çykarmakdan ybaratdyr.

Gurban Berdiýew soňky gezek “Soçi” toparyna tälim berdi. Ol bu toparda bary-ýogy 5 duşuşykda toparyň tälimçisi bolupdy.

Russiýanyň “Melbet Birinji ligasynda” çykyş edýän “Dinamo” topary 2022/23-nji möwsümde 8-nji orny eýeläpdi.

Gurban Berdiýew Russiýanyň meşhur futbol hünärmenleriniň biridir. Onuň ýolbaşçylygyndaky “Rubin” topary 2 gezek Russiýanyň çempiony bolup, Çempionlar ligasynda Hosep Gwardiolanyň “Barselona” toparyny ýeňipdi. Şeýle hem Gurban Berdiýew “Rubin” topary bilen Russiýanyň kubogyny we 2 gezek Superkubogyny gazandy.

Ol “Rostow” topary bilen Russiýanyň çempionatynda kümüş medalyň eýesi boldy.

Gurban Berdiýew 2008-nji we 2009-njy ýyllarda Russiýanyň futbol geňeşi tarapyndan Russiýanyň iň gowy tälimçisi bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy