JEMGYÝET

Tanyşdyrylyş dabarasy

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Saud Arabystany Patyşalygyna sapary wagtynda Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohammad Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen «Yslam ösüş banky we doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň prezidentiniň ýoly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Oňa Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, ugurdaş döwlet düzümleriniň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow çykyşynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde 1994-nji ýyldan başlap, bu bank tarapyndan Türkmenistandaky taslamalaryň 26-sy maliýeleşdirildi. Şol taslamalar ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolup, olar lukmançylyk we saglygy goraýyş, suw hojalygy, demir we derýa ýollary, telekommunikasiýalar, gaz geçiriji infrastrukturalar ýaly ugurlary öz içine alýar. Şunda bu günki gün strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylan üstünlikli özara bähbitli gatnaşyklaryň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň durandygy aýratyn belenilip geçildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda ýurdumyzda hereket edýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.

Täjigistanyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzoda, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň söwda işleri boýunça geňeşçisi Aýhan Yşyk dagy türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat berlen «Yslam ösüş banky we doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň prezidentiniň ýoly» atly kitapdaky maglumatlaryň okyjylar köpçüligi, hususan-da, bank ulgamynyň hünärmenleri, yslam bank ulgamyny öwrenijiler üçin ygtybarly gollanma boljakdygyna ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Ruandanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Ruandanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Talyp-2025: dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary kabul edilýän ýerleri